News & Updates
Newsletter Subscription
Binagärlikde häzirki zaman meýilleri
“Akylly” şäher- Arkadag
Arkadag şäheri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Merkezi Aziýa sebitinde-de ilkinji “akylly şäher” boldy.
Türkmen topragynyň iň gadymy ýerleriniň birinde gurlan özboluşly şäher, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhynyň çeşmesidir. Bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Durmuş ugurly bu syýasat Diýarymyzyň innowasion esasda hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär.
Arkadag şäherine BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, beýleki halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we belli kompaniýalarynyň sylaglarynyň 20-den gowragynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen täsin şäheri gurmak boýunça ýerine ýetirilen ägirt uly işlere ýokary baha berilýändigini alamatlandyrdy.
Şu ýylyň 4-nji sentýabrynda Goýang şäherinde geçirilen “Bütindünýä Akylly şäheri 2024-de” Arkadag şäheri “Ajaýyplyk baýragy” (Türkmen şäheri bu baýragyň ýeke-täk eýesi boldy), “Daşary ýurt şäheri baýragy” we “WSCE 2024” ýaly baýraklara eýe boldy.
Akylly” şäheriň durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyryldy. Onda ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň we edara binalarynyň 336-sy gurlup ulanmaga berildi.
Arkadag şäheriniň gurluşygy we sanly meýdançanyň ösdürilmegi teoretiki bilimleri, başarnyklary, innowasiýa tekliplerini we içerki ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin çözgütleri amaly taýdan ulanylýan bir görnüşine öwrüldi. Arkadag şäheri halkara ülňülerine laýyk gelýän giň ýol we ulag infrastrukturasy bilen ornaşdyryldy. Giň ýollar, köçeler we aýlaw ýollary häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy.
“CIET 2024” maslahatynyň “Binagärlik we şäher ösüşiniň häzirki zaman meýilleri: “Akylly” şäher Arkadag – geljegiň şäheri we mümkinçilikleri” atly maslahatyň ikinji mejlisinde, gurluşyk pudagyny gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek üçin magdançylyk pudagynyň ösüşi ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşylar.
Ak mermerli Aşgabat
Taryhda Aşgabat şäheri eziz Watanymyzyň ykbalyny kesgitlän möhüm senetçilik we söwda ýollarynyň çatrygynda, gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşip, gadymyýetden häzirki wagta çenli täzeçillikleriň, öňdebaryjy pikirleriň giňden durmuşa ornaşdyrylýan sebitleriniň biri bolupdyr. Bu günki günde hem paýtagt şäheriň at-owazasy tutuş dünýäde ylalaşdyryjy merkez, dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň ykbalyna dahylly bolan parahatçylyk söýüjilik pikirleriniň gözbaş alýan ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Aşgabat ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly nyşany hökmünde ykrar edilýär. Şunlukda, Aşgabat şäheri Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň merkezi, döwletimiziň baş bilim we medeni merkezi bolup durýar. Sanlyja ýylda paýtagtymyzda dünýäde deňi-taýy bolmadyk gözel binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryň giden hatary dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary, ak şäherimiziň dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň miwesidir. Paýtagtymyz Aşgabat bu günki günde döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilen gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda, paýtagtymyz Aşgabat, ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda täze sahypany açdy. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 25-nji maýy – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzda dabaraly baýramçylyk çäreleri giňden bellenilýär. Bu günki günde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň belent flagştogy», «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen iki tarapy ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, şonuň ýalyda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi girizilendir.
Aşgabat şäheri Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň esasy syýasy-dolandyryş, söwda, medeni we ylmy merkezidir. Maslahatyň ikinji mejlisinde Aşgabadyň infrastrukturasy we gurluşyk taslamalarynyň maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.