News & Updates
Newsletter Subscription
Energetika senagaty
Öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär.
Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi we bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.
Energiýa çeşmeleriniň monetizasiýasyny we diwersifikasiýasyny çaltlaşdyrmak boýunça mejlisiň çäginde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, bar bolan we täze elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak, gaz himiýasy we elektrik energiýasy inženerçiligine täze maýa goýum taslamalary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Diýarymyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli amala aşyrylýar, onuň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge, türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer.
Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär. Şolaryň 8-si Garaşsyzlyk ýyllarynda, has takygy, 2013—2021-nji ýyllarda gurlup ulanmaga berildi.
Taslama laýyklykda, täze elektrik stansiýasynda 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary hereket eder. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Ol ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar we Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder.
Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly iş koeffisienti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy, gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär.
Bu döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek nukdaý nazaryndan wajyp bolup, elektrik energiýasy öndürilende, sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Täze elektrik stansiýasynda ähli önümçilik işi sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdiriler we bu bolsa önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün eder.
Bu ýerde öndürilen elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna ibermäge mümkinçilik dörär. Mälim bolşy ýaly, halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal—Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi 2021-nji ýylda işe girizildi.
Umuman, Türkmenistanda bitewi energiýa halkasynyň döredilmegi Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň energetika ulgamlarynyň arasyndaky özara ätiýaçlandyryşa mümkinçilik berer. Munuň özi, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny berkidip, onuň kuwwatlylygynyň ätiýaçlyk gorlaryny yzygiderli artdyrmaga, zerur bolan wagtynda elektrik energiýasyny degişli ugurlara paýlamaga şert döreder. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi paýtagtymyzydyr welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen, onuň beýleki döwletlere eksportynyň möçberini artdyrmaga hem ýardam eder.
Mary—Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi ýurdumyzyň bitewi energiýa halkasyny döretmekde nobatdaky tapgyr boldy.
Türkmenbaşy Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda umumy dizaýn kuwwaty 70 MWt bolan elektrik öndürmek üçin iki sany täze gaz turbinaly enjam işe girizildi. Kombinirlenen aýlaw elektrik stansiýalary diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem ekologiýa taýdan has arassa bolup durýar. Energetika pudagynda sebitleýin we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşýär.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň mart aýynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Kanuna laýyklykda, elektrik önümçiliginiň innowasion, hususan-da, energiýanyň gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bularyň ählisi “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu taslamalar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.