• info@ciet-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99363 26 50 87
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Maksatnama
      • Ýazylmak
      • Köp soralýan soraglar
      • Çykyş edýänler
      • Duşuşyk üçin ýüz tutma
    • Syýahat Gollanmasy
      • Syýahat Gollanmasy
      • Myhmanhana Bron Etmek
      • Uçara Petek Almak
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    • Home
    • All News

    «Baker Hughes» OGT 2026 halkara maslahatynyň kümüş hemaýatkäri bolar

    16 Oct 26

    Energetika tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy kompaniýa bolan «Baker Hughes» Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy nebitgaz pudagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek hem-de halkara tejribe alyşmak boýunça möhüm mümkinçilik döreder. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Baker Hughes» känleri özleşdirmek, gaz infrastrukturasyny kämilleşdirmek we energetikanyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tehnologik çözgütlerini hödürlär. Halkara maslahat we sergi dürli ýurtlaryň hünärmenleriniň, işewür toparlarynyň we energetika kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga şert döreder. «Baker Hughes» dünýä energetika bazarynda öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolup, nebitgaz pudagy, gaz infrastrukturasynyň ösüşi we täze energetika ugurlary üçin innowasion çözgütleri hödürleýär. Kompaniýa bir asyrdan gowrak tejribä eýe bolup, 120-den gowrak ýurtda iş alyp barýar we dünýäniň iri energetika hem-de senagat kompaniýalarynyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 63 26 50 87
    • Elektron poçta: info@ciet-turkmenistan.com
    ©2026 Türkmen Energiýa Forumy. Ähli hukuklary goralan.