• info@ciet-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99363 26 50 87
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Maksatnama
      • Ýazylmak
      • Köp soralýan soraglar
      • Çykyş edýänler
      • Duşuşyk üçin ýüz tutma
    • Syýahat Gollanmasy
      • Syýahat Gollanmasy
      • Myhmanhana Bron Etmek
      • Uçara Petek Almak
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    • Home
    • All News

    «TOYO» kompaniýasy CIET 2026 halkara forumynda tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar

    15 Oct 26

    Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» (TOYO) kompaniýasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler. «TOYO» kompaniýasy Türkmenistanda gaz-himiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly tejribä eýedir. Ýapon kompaniýasy halkara konsorsiumynyň düzüminde Gyýanlydaky polimer toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp, önümçilik desgalarynyň taslamalaşdyrylmagyna, enjamlaryň üpjün edilmegine we işe girizilmegine goşant goşdy. Kompaniýa häzirki wagtda hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. 2025-nji ýylda «TOYO» Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň polimer toplumynyň durkuny täzelemek we önümçiligi dikeltmek boýunça işlere gatnaşmak barada şertnama baglaşdy. «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň «CIET 2026» çäresine gatnaşmagy tehnologik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna we täze maýa goýum mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna ýardam eder. 3–5-nji noýabrda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek forum döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň wekillerini hem-de pudak hünärmenlerini bir ýere jemlär. Çäräniň dowamynda energetika we himiýa senagatyny ösdürmek, gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalary ulanmak, maýa goýum mümkinçilikleri we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 63 26 50 87
    • Elektron poçta: info@ciet-turkmenistan.com
    ©2026 Türkmen Energiýa Forumy. Ähli hukuklary goralan.