• info@tef-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99364 94 53 85
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Maksatnama
      • Ýazylmak
      • Soraglar
      • Çykyş edýänler
      • Duşuşyk Üçin Forma
    • Syýahat Gollanmasy
      • Syýahat Gollanmasy
      • Wiza Anketa Doldurmak
      • Myhmanhana Bron Etmek
      • Uçara Petek Almak
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    News & Updates
    LIFE SAVING

    Goodsoul partners with lafarge on national literacy competition

    Education

    Goodsoul improves education infrastructure

    Newsletter Subscription

    • Home
    • All News

    Mary we Lebap welaýatlarynyň gidrogeologlary ýerasty suwlar boýunça burawlaýyş meýilnamasyny artygy bilen berjaý edýärler

    01 Sep 26

    «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleri ýerasty suwlaryň gor baýlygyny artdyrmagy hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi öz wezipesi diýip hasaplaýar. Korporasiýanyň iň baýry we öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan ekspedisiýanyň hünärmenleridir işçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylap, iş depginlerini ýokarlandyrýarlar. Ekspedisiýanyň hünärmenleri we geologlary Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suwlar boýunça gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar, ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlyklaryny hasaplaýarlar, tehnogen täsirleriň netijesinde ýerasty we ýerüsti suwlaryň hem-de topragyň geoekologiki ýagdaýyny öwrenmek maksady bilen gidrogeologiki, ekologiki we meliorasiýa maksatly inžener-geologiki barlaglary hem-de surata düşüriş işlerini geçirýärler. Şu iki welaýatda ýerasty suwlaryň düzgünine, dolanyşygyna we hiline köpýyllyk düzgünleýin gözegçilik ýola goýuldy. Häzirki wagtda burawlaýyş we surata düşüriş işleri Mary welaýatynyň Tarymlyk, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kelçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba we Sandykgaçy meýdançalarynda, şeýle hem Lebap welaýatynyň Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý we Narazym meýdançalarynda alnyp barylýar. Bu meýdançalarda ýerasty suwlary hem-de bejeriş ähmiýetli mineral suwlary gözlemek, agtarmak, şeýle-de olaryň gor baýlyklaryny hasaplamak işleri amala aşyrylýar. Edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda ekspedisiýanyň gidrogeologlary tehniki maksatlar üçin ýerasty suwlar boýunça gözleg-agtaryş işlerini Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäklerinde hem alyp barýarlar. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýurmasy boýunça ýod-brom suwlarynyň gözleg işi alnyp barylýar. 2026-njy ýylyň aýlyk önümçilik tabşyryklarynyň berjaý edilmegine gidrogeologlar Gözel Allamyradowa, Ylýas Baýramalyýew, Döwlet Bäşimow, Mälik Hanmämmedow, şeýle hem buraw ussalary Döwran Annaýew, Bäşim Güýjow we Serdar Orazow öz zähmet goşantlaryny goşýarlar. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň başlygy Amangylyç Çaryýewiň gürrüň bermegine görä, döwlet tarapyndan berilýän goldaw esasynda kärhana täze tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman enjamlarynyň hasabyna ýerasty agyz suwlarynyň gor baýlygyny artdyrmak boýunça işlerini täzeleýär. Şu ýyl ekspedisiýa Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen, 200–300 metr çuňlukdaky guýulary burawlamaga niýetlenen ýokary tehnologiýaly iki sany buraw enjamy bölünip berildi; olar gözleg-agtaryş işleri alnyp barylýan meýdançalarda derrew işe girizildi. Onuň sözlerine görä, şu ýylyň geçen ýedi aýynda meýilleşdirilen 4400 metr sütünleýin mehaniki buraw işiniň deregine 16054 metr burawlanyp, meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirildi; şertnamalaýyn işler boýunça 2411 metr burawlandy. Amangylyç Çaryýew ekspedisiýanyň 2026-njy ýyly ähli önümçilik görkezijileri boýunça üstünlikli jemlemegi maksat edinýändigini belledi.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 64 94 53 85
    • Elektron poçta: info@tef-turkmenistan.com
    Bu web sahypa, Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrligine degişli ©2026. Ähli hukuklary goralan, Aşgabat, Türkmenistan.