• info@ciet-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99364 94 53 85
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Portaly Ýüklemek
      • Maksatnama
      • Soraglar
      • Çykyş edýänler
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    News & Updates
    LIFE SAVING

    Goodsoul partners with lafarge on national literacy competition

    Education

    Goodsoul improves education infrastructure

    Newsletter Subscription

    • Home
    • All News

    Wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz pudagynyň şu ýylyň ilkinji alty aýyndaky işleri barada hasabat berdi

    11 Jul 26

    Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz topluma degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 64 94 53 85
    • Elektron poçta: info@ciet-turkmenistan.com
    Bu web sahypa, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ©2026. Ähli hukuklary goralan, Aşgabat, Türkmenistan.