• info@ciet-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99364 94 53 85
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Portaly Ýüklemek
      • Maksatnama
      • Soraglar
      • Çykyş edýänler
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    News & Updates
    LIFE SAVING

    Goodsoul partners with lafarge on national literacy competition

    Education

    Goodsoul improves education infrastructure

    Newsletter Subscription

    • Home
    • All News

    Türkmen wekiliýeti «Ýerewan dialogy – 2026» atly halkara foruma gatnaşýar

    06 May 26

    Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet düýn Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde başlanan «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara foruma gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

    A. Gurbanow öz çykyşynda Türkmenistanyň energiýa pudagynyň binýadyny giň gerimli döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly işjeň güýçlendirýändigini belledi. Şeýle-de ýurduň ykdysady durnuklylygyny we jemgyýetçilik abadançylygyny saklamak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

    Şeýle hem Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa geçişi üçin amatly gurşawy döretmek ugrunda eýýäm anyk ädimleri ädendigi bellenildi. Bu ugurda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleriň deňagramly ösüşine aýratyn üns berilýär.

    Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ilata üznüksiz energiýa üpjünçiligini kepillendirmek, täze ugurly ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de çekilen maýa goýumlarynyň artykmaçlyklaryna ähli jemgyýetleriň deň derejede elýeterliligini üpjün etmek görkezildi.

    Türkmen wekili halkara hyzmatdaşlygyň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap, Birleşen Milletler Guramasy hem-de halkara maliýe edaralary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi — diýip, çeşmede habar berilýär.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 64 94 53 85
    • Elektron poçta: info@ciet-turkmenistan.com
    Bu web sahypa, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ©2026. Ähli hukuklary goralan, Aşgabat, Türkmenistan.