Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 4-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Dokma senagaty ministrliginden olar dokma önümlerini satyn aldylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 825 000 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.



