• info@ciet-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99364 94 53 85
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat Barada
      • Maslahat Barada
      • Portaly Ýüklemek
      • Maksatnama
      • Soraglar
      • Çykyş edýänler
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzeliklere Ýazylmak
  • ENG RUS TKM

    News & Updates
    LIFE SAVING

    Goodsoul partners with lafarge on national literacy competition

    Education

    Goodsoul improves education infrastructure

    Newsletter Subscription

    • Home
    • All News

    Türkmenistan bilen Türkiýe täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär

    04 May 26

    Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

    Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň geljegini, şeýle hem häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýa etmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy habar berdi.

    Şeýle hem taraplar özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

    Bu ugurda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk  Hökümetara toparynyň hem-de  işewürler geňeşiniň işiniň, şeýle hem pudaklaýyn sergileriň we bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

    Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 10-12-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
      +993 64 94 53 85
    • Elektron poçta: info@ciet-turkmenistan.com
    Bu web sahypa, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ©2026. Ähli hukuklary goralan, Aşgabat, Türkmenistan.