24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi Diýarymyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda harby gullukçylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi aýdym-sazly çykyşlar bilen garşy aldylar. “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr. Bu binalarda harby gullukçylar üçin ähli şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy, binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler ýokary halkara ölçeglere, harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýatakhanada harby gullukçylaryň dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby tehnikalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň we ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi. Naharhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi harby gullukçylary talabalaýyk we ýokumly iýmitlendirmekde amatly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerde azyk önümlerini kada laýyk saklamak üçin ýörite otaglaryň, hususan-da, ammarlaryň, sowadyjylaryň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz naharhanada işleriň ýola goýluşy bilen gyzyklanyp, azyk önümleriniň hemişe ekologik taýdan arassa bolmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby tehnikalaryň geçişini synlady.




