2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow we Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed Al Saýed ýolbaşçylyk etdiler. Çäräniň resmi bölegi başlamazdan öň, ministrler ikiçäk duşuşykda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.



