2025-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy.
Maslahatyň geçirilmegi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna», Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň wagyz edilmegine bagyşlandy.
Maslahata Türkmenistanyň we Fransiýanyň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Çärede Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Mýanmadaky Ilçisi hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Kristian Leşerwi, IRIS-iň ylmy işgäri Sami Ramdani, IRIS-iň ylmy müdiri Emmanuel Linskot, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Çaryýew çykyş etdiler.
Maksat Çaryýew öz çykyşynda häzirki wagtda dünýäde güýçlenýän bölünişik tendensiýalarynyň şertlerinde halkara jemgyýetçiliginiň ynanyşmaga, açyk diplomatiýa esaslanýan täze hyzmatdaşlyk modellerine zerurlygyň artýandygyny belledi. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny 30 ýyl bäri yzygiderli durmuşa geçirýändigini, onuň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigini nygtady. Ilçiniň bellemegine görä, Bitaraplyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň berk binýady bolup çykyş edip, açyk dialogy, özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygy hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky parahatçylyga we durnuklylyga goşýan goşandyny üpjün edýär.
Türkmen-fransuz gatnaşyklary barada durup geçip, Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Pariž şäherine amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol bu saparyň energiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, sanly ulgam, kosmos tehnologiýalary, bilim, ylym hem-de medeni miras ugurlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açandygyny belledi. Ilçi gol çekilen resminamalaryň çäginde degişli iş toparlarynyň döredilendigini, tehniki we guramaçylyk meseleleriniň utgaşdyrylýandygyny, bilermen alyşmalarynyň geçirilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol energetika pudagynda ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, metan zyňyndylarynyň azaltmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.



