«Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 11-nji martynda çykaran MB-39 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda»
2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” hem-de 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, buýurýaryn:
1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde 1208 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2019-njy ýylyň 11-nji martynda çykaran MB-39 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasynda:
1) 1.1. bendinde “ýerleşýän ýerini,” diýen sözlerden soň “girelgesini,” diýen sözi goşmaly;
2) 1.2 bendinde “we şonuň bilen baglanyşykda şertnamanyň bahasy “Paýçy” bilen “Gurujynyň” arasynda baglanyşylýan bellenen tertipde gurluşyk we binagärlik babatynda ygtyýarly döwlet edarasynda (mundan beýläk – ygtyýarly edara) hasaba hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onyň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynda döwlet belligine (mundan beýläk - döwlet belligine) alynmaga degişli goşmaça ylalaşyk esasynda üýtgedilmäge degişlidir” diýen sözleri aýyrmaly;
3) 2.1.5. bendinde “belligine” diýen sözden soň “(mundan beýläk - döwlet belligine)” diýen sözleri goşmaly;
4) 4.5. bendinde “1.2 we 5.4 bentlerinde” we “baglykda” diýen sözleri we sanlary, degişlilikde “5.4 bendinde” we “baglylykda” diýen sözler we sanlar bilen çalşyrmaly;
5) 4.6. bendi şu görnüşde beýan etmeli:
“4.6. Şertnamanyň bahasy “Paýçy” tarapyndan şu Şertnamanyň 2-nji goşundysyndaky göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde we şu Şertnamanyň 1.2 bendi göz öňüne tutulmazdan gurluşygyň obýektiniň taslama meýdany boýunça doly möçberde tölenilmelidir. Şertnama boýunça “Paýçy” bilen “Gurujynyň” arasyndaky islendik özara hasaplaşyklar diňe Şertnama gurluşyk we binagärlik babatynda ygtyýarly döwlet edarasynda (mundan beýläk – ygtyýarly edara) hasaba hem-de döwlet belligine alnandan soň amala aşyrylyp bilner.”
6) 7.5. bendinde “öz” diýen sözden soň “serişdeleriniň” diýen sözi goşmaly;
7) 1-nji goşundysynyň ýazgysynda:
a) “obýektiniň umumy meýdany_______” diýen sözlerden soň, “, şol sanda ýaşaýyş meýdany_______” diýen sözleri goşmaly;
b) “eger öý bolsa – ýaşaýyş meýdanyny, aşhananyň, wannaly otagyň, hajathananyň, eýwanyň meýdanyny görkezmeli”, diýen sözleri “eger öý bolsa-aşhananyň, wannaly we hajathana otagyň, eýwanyň, kömekçi otaglaryň we peýdalanylýan balkonyň meýdanyny aýratynlykda görkezmeli” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
ç) “suwagdan, oboýlar, reňklenen, başga” diýen sözleri “sement we gips garylgy suwagdan, oboýlar, reňklenen, başga” diýen sözler bilen çalşyrmaly;
8) 2-nji goşundysynyň ýazgysynda “Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin - Gurujynyň Ýörite bank hasabyna №____ ____bankda” diýen sözleri “Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin karz (bank) edarasynda açylan - Gurujynyň №____ belgili Ýörite bank hasabyna nagt we nagt däl görnüşde geçirilmeli.” diýen sözler bilen çalşyrmaly.
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary B.Halykow gözegçilik etmeli.
Ministr
A. Geldiýew
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda 1908 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.
Çeşme: Türkmenistanyň Adalat ministrligi



