Şu gün Daşkentde döwlet saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow "Kuksaroý" köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Daşkendiň Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi kabul etmek dabarasy geçirildi.
Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.



