«Brownstein» iri amerikan kompaniýasynyň wekili Samanta Karl-Ýoder «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde TOPH taslamasynyň sebitde mümkinçilikleri artdyrmakda Türkmenistanyň öňdeligini görkezýändigine ynam bildirdi we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň taslama beren goldawy üçin Türkmenistanyň minnetdarlygynyň Waşingtonda örän gowy kabul edilendigini belledi.
– Şu ýyl ýene Aşgabada gelip, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» forumyna gatnaşmagym meniň üçin uly şatlyk. «Brownstein» kompaniýasy Türkmenistanyň hökümeti bilen işleşmekden, hususan-da, uly möçberli Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň çäginde degerli maslahat hyzmatlaryny hödürlemek arkaly işleşmekden uly hormat duýýar – diýip, S.Karl-Ýoder aýtdy.
Söhbetdeşimiz «Brownstein» kompaniýasynyň ABŞ-nyň hökümet edaralarynyň bu taslama goldawyny üpjün etmek üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy, Ak tam, Milli howpsuzlyk geňeşi, Söwda ministrligi we Döwlet departamenti bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýändigini gürrüň berdi.
S.Karl-Ýoderiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary bar we «Brownstein» häzirki wagtda gurulýan gaz geçirijisi arkaly Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň üsti bilen eksport edilmegine ýardam bermek bilen, bu gymmatly energiýa serişdesini ýerlemäge çalyşýar.
«Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe gün mundan ozal ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň taslama goldawy barada aýdan sözleri tüýs jüpüne düşdi we Waşingtonda örän gowy garşylandy. Men munuň Türkmenistanyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşygyny çuňlaşdyrmagy, şeýle hem ABŞ-nyň Owganystan bilen gatnaşyklaryny täzeden seljermegi bilen baglylykda, hyzmatdaşlyga täze nukdaýnazardan çemeleşmegi üçin ajaýyp mümkinçilikdigine ynanýaryn» diýip, S.Karl-Ýoder aýtdy.
«Brownstein» kompaniýasynyň wekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sebit howpsuzlygy we energetikasyny diwersifikasiýalaşdyrma meselelerinde örän berk orny eýeländigini aýratyn nygtady.
«TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi birnäçe sebäbe görä möhümdir. Birinjiden, ol Owganystana tebigy gazyň iberilmegini üpjün etmek bilen, onuň halkyna ynsanperwer goldaw berer. Ikinjiden, bu energetika pudagyndan başga-da infrastrukturanyň-da mundan beýläk ösmegi üçin mümkinçilikleri açar. Şeýlelik bilen diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň hem ykdysady ösüşi üçin mümkinçilikleri döreder. Üçünjiden, dört ýurduň energetika ulgamynda özara baglanyşygy geosyýasy gatnaşyklaryň gurluşy üçin örän möhüm bolar. «TOPH taslamasynyň halkyň hal-ýagdaýynyň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna we bu möhüm sebitde mümkinçilikleri artdyrmakda Türkmenistanyň öňdeligini görkezjekdigine ynanýaryn» diýip, Samanta Karl-Ýoder aýtdy.



