To improve learning environment in primary schools
We denounce with righteous indignation and dislike men who we are to beguiled demoralized by the charms of pleasures that moment, so we blinded desires, that they indignations.
Wengriýa Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
Wengriýa Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
Wengriýa Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
13 Oct 25
Wengriýanyň Gündogar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter Türkmenistanyň energetika pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görülýändigini aýtdy. Bu barada ol Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisinden soň çykyşynda aýtdy.
"Energetika pudagynda biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana bil baglaýarys" diýip, Ştifter Türkmenistan Halkara habarlar portalynda ýerleşdirilen wideoteswirinde belledi.
"Wengriýa dürli ýurtlardan tebigy gazy importyna bagly, şonuň üçin biz Türkmenistanyň mümkinçiliklerine uly umyt baglaýarys we ýakyn wagtda Türkmenistan Ýewropa, has dogrusy Wengriýa gaz üpjün ediji döwlete öwrüler diýip umyt edýäris" diýip, Ştifter nygtady.
Şeýle hem şol wideomaterialda Wengriýanyň ÝB bilen gatnaşyklar boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Piter Holiça energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada çykyş etdi.
"Biz şu gün Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda tebigy gaz söwdasy boýunça meseleleri, Hazar deňziniň kenarynda uglewodorodlary gözlemek we özleşdirmek boýunça taslamalaryň mümkinçiliklerini, şeýle hem geljekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdyk" diýip, Holiça aýtdy.
Ol şeýle-de "Bu duşuşyk oňyn netijeleri berdi, çünki biz bu ugurlaryň mundan beýläk nähili ösdürilip bilinjekdigini kesgitleýän esasy ýörelgeleri anyklap bildik" diýip, belledi.
Holiça mundan beýläkki energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ädimleriniň oktýabrda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy
"Biz şu ýylyň oktýabrynda guraljak Halkara energetika forumyna çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu çärä gatnaşmaga hökman synanyşarys we şol ýerde energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mundan beýläkki ädimlerini hem-de mümkinçiliklerini Türkmenistanyň hem-de tutuş sebitiň çäginde ara alyp maslahatlaşarys" diýip, Holiça belledi.