To improve learning environment in primary schools
We denounce with righteous indignation and dislike men who we are to beguiled demoralized by the charms of pleasures that moment, so we blinded desires, that they indignations.
Türkmenistan GIZ-iň Brýusseldäki meýdançasynda: energetika ileri tutulýan ugurlary boýunça dialog
Türkmenistan GIZ-iň Brýusseldäki meýdançasynda: energetika ileri tutulýan ugurlary boýunça dialog
Türkmenistan GIZ-iň Brýusseldäki meýdançasynda: energetika ileri tutulýan ugurlary boýunça dialog
13 Oct 25
Brýussel, 2025-nji ýylyň oktýabr aýy. Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça Germaniýa Jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň durnukly energetika ösüşi, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan iş sapary boldy. Bu başlangyç Ýewropa Bileleşigi we Germaniýa Federatiw Respublikasy tarapyndan goldanylýan EU4SustainableCentralAsia: Renewable Energy in Central Asia (EURECA) taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Saparyň maksatnamasy mowzuklaýyn duşuşyklary, tehniki saparlary we energetika syýasaty boýunça sebit dialogyny öz içine aldy.
Türkmen tarapynyň düzüminde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň üç wekili gatnaşdy. Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleri degişli edaralaryň ýolbaşçylary we ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, şeýle hem tehniki hünärmenler bilen wekilçilik edildi.
10-njy oktýabrda GIZ-iň Brýusseldäki wekilhanasynda ÝB we GIZ wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika pudagynyň ýolbaşçylarynyň dialogy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ileri tutulýan ugurlary we sebitdäki elektrik energiýasy söwdasy boýunça ylalaşygy pugtalandyrmaga, şeýle hem serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek, bazar ýörelgelerini sazlaşdyrmak we geljekki bilelikdäki beýannamalary taýýarlamak boýunça amaly ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde, açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi Sapar Palwanow gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Öz çykyşynda Ilçi Türkmenistanyň energetika döwleti hökmünde goşa jogapkärçiligini nygtady: sebitde energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de arassa energiýany öňe sürmek arkaly howa borçnamalaryny ýerine ýetirmek. Ol ýurduň kadalaşdyryjy-strategik binýadyny tanyşdyrdy we halkara hyzmatdaşlaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolan 10 MW kuwwatly gibrid Gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we 300 MW kuwwatly Gün elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görlüşi ýaly anyk mysallary getirdi. Ýel energetikasyny ösdürmek boýunça işler we aýratyn-da Arkadag şäherinde “akylly” çözgütleriň ornaşdyrylmagy bellenilip geçildi. Ilçi işçi güýçlerini taýýarlamak we GIZ bilen tejribä gönükdirilen hyzmatdaşlyk maksatnamalaryna aýratyn üns berdi.
Brýusselde şol bir wagtyň özünde “Global Gateway Forum 2025” geçirildi, onuň çäklerinde “Global Gateway” esasy taslamalaryny, şol sanda Merkezi Aziýada gidroenergetika kuwwatyny giňeltmek boýunça birnäçe mejlisler geçirildi. Türkmen tarapyny bu mejlisde Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler. Gatnaşyjylar Ýewropaly hyzmatdaşlar we halkara maliýe guramalary bilen “ýaşyl” taslamalary, şol sanda sebit gidroenergetikasyny we ulgam-tor binýadyny döwrebaplaşdyrmagy taýýarlamak we giňeltmek boýunça degişli pikir alyşmalara gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy GIZ-e we EURECA taslama toparyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Brýussele saparyny ýokary hünär derejesinde gurandyklary we gün tertibiniň mazmunly bolandygy üçin minnetdarlyk bildirýär.