Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Maksatmyrat Saparmyradow

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary

2018-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini tamamlady. 2019-njy ýylyň dekabryndan 2020-nji ýylyň sentýabry aralygynda «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Işgärler we hukuk işi bölüminiň hünärmeni wezipesinde işlän. 2021-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi minstrliginiň dürli wezipelerinde işledi. 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi minstrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary-Bazary öwreniş bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2023-nji ýylyň oktýabryndan 2024-nji ýylyň ýanwary aralygynda şol müdirligiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bolup işledi. 2024-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygy wezipesinde işledi. 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary.