Ataýew Begli Baýrammyradowiç 2009-njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny inžener-gurluşykçy käri boýunça üstünlikli tamamlady. 2009-2011-nji ýyllar aralygynda “Türkmennebitgazgurluşyk” konserninde dürli wezipelerde işledi. 2011-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mugallym, dekan wezipelerinde işledi. 2014-2026-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynda alnyp barylýan aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni, bölüm müdiri wezipelerinde işledi. 2026-njy ýyldan häzirki wagta çenli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinde işleýär.