Hajymyrat Hudaýgulyýew 2003-nji ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny «Köp kanally elektrik aragatnaşygy» hünäri boýunça tamamlady. Zähmet ýoluna «Ahalte¬lek¬om» kärhanasynda başlap, soňra telekommunikasiýa ulgamynda birnäçe ýolbaşçy wezipelerde, şol sanda «Türkmentelekom» döwlet kompaniýasynyň aragatnaşyk boýunça baş direktorynyň orunbasary we «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň direktory wezipelerinde işledi. 2019–2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde birnäçe ýolbaşçy wezipelerde, şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesinde işledi. 2025-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Hajymyrat Hudaýgulyýew Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesinde işleýär. Ol ýurduň ösüşine goşan goşandy üçin birnäçe döwlet ýubileý medallary bilen sylaglandy.