Begmyrat Allakbaýew 1997-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny ykdysadyýetçi hünäri boýunça tamamlady. Ol zähmet ýoluna 1999-njy ýylda başlady. 2000–2006-njy ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň ykdysadyýet we maliýe bölüminde dürli wezipelerde işledi. 2006–2010-njy ýyllarda Balkan welaýatynyň Maliýe baş müdirliginiň Gazna bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2010–2017-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Maliýe baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary we başlygy wezipelerinde işledi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. 2017–2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ykdysady ösüş müdirliginiň Ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda Begmyrat Allakbaýew Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.