Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Alekseý Reşow

«Bouygues-Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory

Alekseý Reşow BOUYGUES kompaniýasynda 32 ýyl mundan ozal işläp başlady. 2012-nji ýyldan bäri ol Bouygues Construction Group-yň düzümine girýän Bouygues Bâtiment International kompaniýasynyň dünýä boýunça iň iri bölümleriniň biri bolan Bouygues Turkmen kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem ol Merkezi Aziýada işewürligi ösdürmek üçin jogapkärdir. Alekseý Bouygues Bâtiment International kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy bolup, gönüden-göni kompaniýanyň Baş direktoryna hasabat berýär. Häzirki wagtda Bouygues Turkmen zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk babatda iň ýokary standartlara eýerýän, doly sanlylaşdyrylan (2017-nji ýyldan bäri taslamalaryň 100%-i REVIT ulgamynda ýerine ýetirilýär), seýsmiki töwekgelçiligi ýokary bolan şertlerde çylşyrymly we ýokary derejeli taslamalary doly taýýar görnüşde amala aşyrmakda özboluşly tejribä eýe bolan kompaniýadyr. Bouygues Turkmen ýokary hünärli türkmen inženerlerini taýýarlady. Häzirki wagtda olar diňe bir kompaniýanyň Türkmenistandaky işine uly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, Beýik Britaniýada, Fransiýada we Saud Arabystanynda Bouygues Construction toparynyň düzümindäki bölümlerde atom elektrik stansiýalaryny, maglumat merkezlerini we iri infrastruktura desgalaryny gurmak boýunça taslamalarda hem üstünlikli zähmet çekýärler. Türkmenistandaky işiniň aýratynlyklary sebäpli, Bouygues Turkmen Merkezi Aziýada satyn alyşlar ulgamynda baý tejribe toplady. Kompaniýa birnäçe ýurdy we ulag görnüşlerini öz içine alýan logistika hem-de üpjünçilik zynjyrlaryna doly gözegçiligi üpjün edýär. Bouygues Turkmen öz işiniň uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça işe ilkinji bolup girişen kompaniýalaryň biridir. Häzirki wagtda kompaniýa 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 30% azaltmagy maksat edinýän giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirýär. Bouygues Turkmen zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk babatda iň ýokary standartlara, kämil hil derejesine aýratyn ähmiýet berýän hem-de pes uglerodly çözgütlere gyzyklanma bildirýän müşderiler üçin islendik tehniki taýdan çylşyrymly we ýokary goşmaça gymmatly desgalary taslamalaşdyrmaga hem-de bäsdeşlige ukyply şertlerde gurmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň soňky gazananlarynyň hatarynda önümçiligiň hilini üpjün etmek we işleriň meýilnamalaşdyrylan möhletlerde ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy aýratyn orun tutýar. Indiki tapgyrda gurluşyk meýdançalarynda robototehnikany ulanmak göz öňünde tutulýar. Bouygues Construction topary taslamalary we eksport amallaryny maliýeleşdirmek üçin serişdeleri çekmek boýunça hem mümkinçiliklere eýedir. Alekseý Fransiýanyň raýaty bolup, ol Fransiýanyň daşary söwda gatnaşyklary boýunça geňeşçisidir we Milli «Mertebe üçin» ordeniniň kawaleridir.