Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Döwran Ataýew

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygynyň orunbasary

Ataýew Döwran 2007–2012-nji ýyllarda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okap, inžener-gurluşykçy hünärini aldy. 2012–2014-nji ýyllarda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň Ahal welaýat awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Ruhabat etrabynyň 1-nji ýol bölüminiň ýol ussasy wezipesinde zähmet çekdi. 2014–2015-nji ýyllarda şol konserniň Ahal welaýat awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň esasy hünärmeni bolup işledi. 2015–2018-nji ýyllarda “Türkmenawtoýollary” DK-nyň Önümçiligi ösdürmek we tehniki syýasaty bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesinde zähmet çekdi. 2018–2024-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygy we ulanylyşy bölüminde işledi. Häzirki wagtda ol Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär.