2017-nji ýylda Berdi Halykow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça binagär. Instituty tamamlandan soň, 2017-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginde binägär wezipesinde işledi. 2021-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň çäginde dürli wezipelerinde işledi. 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriň orunbasary wezipesine bellenildi.