Işam öz iş ýoluny 2001-nji ýylyň noýabr aýynda “PETRONAS” kompaniýasynyň Ulagly daşamak, täzeden işletmek we satyş bölümçesiniň nebit-himiýa toplumynda inžener-tehnolog wezipesinde başlady. 2010-njy ýylda ol Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş bölümine geçdi we gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş pudagy boýunça Malaýziýanyň döwlet edarasy bolup durýan Malaýziýanyň Nebit we gazy gazyp alyş müdirligine goşuldy. Ol nebit we gazyň gazyp alynyşy, aktiwleriň bütewiligi we kepilligi boýunça jogapkär işgär hökmünde bellenildi, ondan soň bolsa, oňa “PETRONAS” kompaniýasynyň ulanylyşdan aýyrmak we petikleme amallaryna taýýarlygyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Ol şeýle-de ASEAN nebit boýunça (ASCOPE) Geňeşinde gözleg-agtaryş we gazyp alyş boýunça iş toparynda we Halkara nebit we gaz öndürijiler birleşmesinde (IOGP) ulanylyşdan aýyrmak boýunça Gündogar komitetinde “PETRONAS” kompaniýasyna wekilçilik etdi. Amallary ýerine ýetirmekde we dolandyrmakda bolan tejribesiniň netijesinde, ol 2019-njy ýylda “PETRONAS Çarigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň Nebiti gazyp almak bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Soňra 2022-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, Gözleg-agtaryş, işläp taýýarlaýyş we gazyp alyş bölümçesiniň täze döredilen we deňiz, awiasiýa we suwa çümmek ammalary boýunça profil ugrunyň hünärmenlerini üpjün etmek bilen bagly logistika amallaryny has ygtybarly we has tertipli geçirmek maksady bilen birikdirjek Logistika bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. 2025-nji ýylyň iýun aýynda “PÇ(T)SB” kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory wezipesine bellenmezden öň, ol gysga wagtyň dowamynda Malaýziýada “PÇSB” kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanasynda zähmet çekdi.