Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary, Bütindünýä banky we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky boýunça Türkmenistandan dolandyryjynyň orunbasary. Ol 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Gahrymany A. Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebini, 2009-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, “Dünýä ykdysadyýeti” ugry boýunça ykdysatçy hem-de “Geografiýa” boýunça mugallym hünärlerini aldy. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw üstünlikli tamamlandy. Zähmet ýoluna 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Işgärler we iş ýörediş bölüminiň alyp baryjy hünärmeni wezipesinde başlady. 2009–2015-nji ýyllar aralygynda şol bankda dürli hünär we ýolbaşçylyk wezipelerinde — hasaplaşyk amallary, maglumat tilsimatlary hem-de bank kartlary bilen işlemek ugurlarynda esasy we baş hünärmen hökmünde işledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Aşgabat şäher şahamçasynyň Hasaplaşyk amallary bölüminiň başlygy wezipesine bellendi. 2017-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýär. Şol bir wagtda Bütindünýä banky we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky boýunça Türkmenistandan dolandyryjynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär.