Babaniýaz Ýalakow 2014-nji ýylda Belarus Milli Tehniki Uniwersitetini “ykdysadyýetçi-menejer” hünäri boýunça tamamlady. 2023-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hünärini kämilleşdirdi. 2015–2018-nji ýyllarda “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň meýilnama-ykdysadyýet bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 2018–2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň senagat pudagy boýunça bölüminiň ýolbaşçysy boldy. 2019–2021-nji ýyllarda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzümindäki ykdysady töwekgelçiliklerden goranmak agentliginde eksport-import seljeriş bölüminiň başlygy wezipesini eýeledi. 2021–2024-nji ýyllarda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maliýe dolandyryşy we pudak ösüşi boýunça departamentinde, ýangyç-energetika toplumynyň maliýe seljeriş bölüminiň başlygy bolup işledi. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.