Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Ella Mukerji

"Fertecon" kompaniýasynyň ammiak we azot ugry boýunça ýolbaşçysy

Ella Mukerji S&P Global Commodity Insights kompniýasynyň düzümine girýän Fertecon kompaniýasynda ammiak we azot boýunça ýolbaşçy wezipesinde işleýär. Ol ammiak, karbamid we nitrat dökünleri boýunça önümçilik, söwda, üpjünçilik, isleg, çykdajy we bahalar ýaly ugurlarda gysga we uzak möhletli analitik hasabatlary hem-de taslamalary taýýarlaýan toparyň işine ýolbaşçylyk edýär. Pudakda dekarbonizasiýa meselelerine artýan üns bilen baglylykda, Ella Fertecon kompaniýasynyň öň esaslandyrylan we ösüp barýan bazarlaryna ýüzlenmek bilen pes uglerodly ammiak başlangyçlaryna ýolbaşçylyk edýär. Fertecon kompaniýasynda işe başlamazyndan öň, Ella S&P Global korporasiýasynyň maliýe hyzmatlary bölüminiň täze müşderileriň işine gatnaşdyrylmagy boýunça çözgütleriň önüm ýolbaşçysy bolup işledi we ABŞ-da UBS kompaniýasynda tejribe toplady. Ol Londondaky St. Mary Uniwersitetinde Halkara Biznes boýunça ma-gistr derejesini hem-de Britaniýadaky Ýork Uniwersitetinde Sosiologiýa we durmuş psihologiýasy boýunça bakalawr derejesini alan.