Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Toýguly Nurow

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri

2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde harby gullukçy bolup zähmet ýoluna başlady. 2007–2010-njy ýyllarda Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat Polisiýa müdirliginde işledi. 2010–2020-nji ýyllar aralygynda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň «Kelete» sement zawodynyň direktory wezipesine çenli dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylyň maý aýyndan 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji. 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň fewral aýyna çenli Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gurluşyk önümçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary–Gurluşyk materiallary bölüminiň başlygy. 2023-nji ýylyň 16-njy fewralyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri.