Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Rahym Gandymow

Aşgabat şäheriniň häkimi

2007-nji ýylda Rahym Gandymow Türkmen politehniki institutynyň “Inžener – gurluşykçy” hünärini bilen gutardy. 2005-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2008-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň ýöriteleşdirilen gurnama bölüminiň mehanik - gurnaýjysy bolup işledi. 2008-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2010-njy ýylyň iýul aýyna çenli «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň Ruhabat etrapynda gurulýan desgalar müdirliginiň tehniki gözegçilik bölüminde inžener bolup işledi. 2010-njy ýylyň iýun aýyndan 2010-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli «Dost gurluşyk» aýratyn kärhanasynyň baş utgaşdyryjysy bolup işledi. 2010-njy ýylyň oktýabr aýyndan 2011-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli «Hyundai AMKO Co.LTD» şahamçasynyň dolandyryş müdiri we gurluşyk bölüminiň müdiri bolup işledi. 2011-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň fewral aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň ygtyýarnama we hil gözegçilik merkeziniň gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň hiline gözegçilik bölüminiň müdiri bolup işledi. 2012-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň gurluşyk hiline gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2012-nji ýylyň iýul aýyndan 2020-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli öňdebaryjy hünärmen, möhüm taslamalar we maýa gurluşygy boýunça gözegçilik bölüminiň müdiri, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň gurluşyk we jemgyýetçilik hyzmatlary bölüminiň müdiri bolup işledi. 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary bolup işledi. 2020-nji ýylyň fewral aýyndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri bolup işledi. 2021-nji ýylyň iýul aýyndan häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinde işleýär.