Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Ýoahim Fritz

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Türkmenistandaky utgaşdyryjysy

Ýoahim Fritz 1994-nji ýylda Konstanskiý uniwersitetini (Germaniýa) tamamlady we dolandyryş işleri boýunça magistr derejesine eýe boldy. Ol Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetinde (GIZ) 25 ýyldan gowrak işläp gelýar. 1998-2002-nji ýyllarda Germaniýanyň Eşborn şäherinde ýerli we şäher ösüşini meýilleşdirmekde işgär bolup işledi. 2002-2005-nji ýyllarda Gwatemalada geňeşçi we desentralizasiýa we munisipal ösüş boýunça maksatnamanyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2005-2007-nji ýyllarda Germaniýanyň Eşborn şäherinde hökümetiň özgerişi we jemgyýet bölüminde meýilnama boýunça işgär bolup işledi. 2007-2013-nji ýyllarda dolandyryşy goldamak boýunça meýilnamanyň ýolbaşçysy, zorlugy dolandyrmak we onuň öňüni almak çygrynda german hyzmatdaşlygynyň utgaşdyryjysy, GIZ-iň gorag we howpsuzlyk toparynyň utgaşdyryjysy, Günorta Afrikada GIZ-iň ýurt boýunça direktorynyň orunbasary wezipelerinde işledi. 2013-2015-nji ýyllarda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça meýilnamanyň ýolbaşçysy, ýurt boýunça direktoryň orunbasary, howpsuzlyk boýunça utgaşdyryjy, Ekwadorda Latyn Amerikada (REDLAC) Demokratiýa we döwlet özgerişligi boýunça GIZ-iň torlar sektorynyň ýolbaşçysy. 2015-2019-njy ýyllarda Germaniýanyň Eşborn şäherinde jen-jenlleri dolandyrmak bölüminiň direktory wezipesinde işledi. 2019-2022-nji ýyllarda GIZ-iň Gyrgyzystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, 2020-nji ýylda GIZiň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy, şeýlede, 2022-nji ýyldan GIZiň Özbegistandaky we Gazagystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Ol nemes, iňlis, ispan we fransuz dillerini, şeýle hem başlangyç derejesinde rus dillerini bilýär.