Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Çaryýar Çetiýew

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri

2007-nji ýylyň sentýabr aýyndan - 2012-nji ýylyň iyun aýy aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde okap ýer ulanyş inženeri hünärini aldy. 11.2014-01.2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýasy dolandyryşy bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi. 01.2016-01.2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Ýer serişdeleri müdirliginiň Ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işledi. 04.2019-01.2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer serişdeleri müdirliginiň Ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň başlygy wezipesinde işledi. 01.2022-09.2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer serişdeleri müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.09.2022-07.2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipelerinde işledi. 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer kadastry we geomaglumat tehnologiýalar ulgamyny dolandyryş bölüminiň başlygy wezipesinde we 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabryndan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinde işledi. 2024-nji ýylyň 9-njy fewralyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri wezipesinde işleýär.