Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Durdymyrat Gadamow

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory

Durdymyrat Gadamov 1995-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini Himiýa ugry boýunça tamamlady. 1995-2016-njy ýyllar aralygynda ol Himiýa, Organiki we Fiziki kolloid Himiýa bölümlerinde mugallym, uly mugallym, bölüm müdüri, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň Tebigat bilimleri we geografiýa fakultetiniň dekanynyň wezipesini ýerine ýetiriji wezipelerinde işledi. 2016-njy ýylyň Iýul aýynda Durdymyrat Gadamov Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Himiýa Institutynyň direktory wezipesine bellenildi. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar Merkeziniň direktory wezipesine bellenildi. Ol Himiýa Ylymlary boýunça 2015-nji ýylda Kandidatlyk dissertasiýasyny, 2021-nji ýylda bolsa Doktorlyk dissertasiýasyny gorady.