Azat Ataýew
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary
2012-nji ýylda Türkmen döwlet transport we aragatnaşyk institutyny «Tehnologik işleriň we önümçiligiň awtomatizasiýasy» hünäri boýunça tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Tehniki ylymlaryň kandidaty. Telekeommunikasiýa enjamlarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, elektron enjamlaryň ygtybarlylygyny çaklamak üçin imitasion modellere we bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak üçin telekomunikasiýa infrastrukturasyny taslamaga degişli 100-den gowrak neşiriň awtory. Sanly analitik bilim ulgamlary üçin AKT infrastrukturasyny işläp düzmek boýunça inženerçilik ugrundan doktorlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär. 2012-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet transport we aragatnaşyk institutynda mugallym, uly mugallym, kafedra müdiri bolup işlän. 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň ylym boýunça prorektory wezipesinde işleýär. 2019-njy ýylyň iýun aýyndan başlap, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň ylym boýunça prorektory wezipesinde işleýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň we Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy saýlanyp, 2023-nji ýyla çenli jemgyýetçilik esasda geňeşiň ýolbaşçylygyny etdi. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ýokary we orta hünär bilim meselelerine, ýaşlar syýasatyna, sanlylaşdyrmaga, ygtyýarnama bermek, akkreditasiýa we halkara gatnaşyklaryna gözegçilik edýän bilim ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.